Tatarystanyň Prezidenti HYF-a gatnaşar

BT
Tatarystanyň Prezidenti HYF-a gatnaşar
Iki ýurduň Baştutanlarynyň bu duşuşygy 2019-njy ýylyň dowamyndaky üçünji duşuşyk bolar.

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana we Azerbaýjana iş saparlaryny meýilleşdirýär. Saparlaryň dowamynda ykdysadyýet, medeniýet we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça gepleşikler geçiriler. Bu barada Kazan Kremliniň resmi wekili Liliýa Galimowa respublikanyň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň daşary ýurt söwda wekilleri bilen geçiren duşuşyklary boýunça beýanatynda habar berdi.

Ol: “Rustam Nurgaliýewiçiň Türkmenistana sapary awgustda meýilleşdirilýär, ol birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar” – diýip belledi. L.Galimowa Tatarystanyň we Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň 24 mln. dollara barabar bolandygyny, şeýle hem “KAMAZ” tehnikasy bilen üpjün etmek boýunça ylalaşyk gazanylandygyny nygtady. Has takygy, golaýda umumy bahasy 162,7 mln. dollarlyk 2 müň “KAMAZ”-y Türkmenistanyň satyn aljakdygy barada ylalaşyldy.

Iki ýurduň Baştutanlarynyň bu duşuşygy 2019-njy ýylyň dowamyndaky üçünji duşuşyk bolar. Mundan öň Prezidentler iýun aýynda Kazan şäherinde Tatarystanyň Milli "Sabantuý" baýramy gününde duşuşdylar. R.Minnihanow bolsa, türkmen bedewiniň baýramçylygyna gatnaşmak üçin Aşgabada aprel aýynda gelipdi.

2022