Demirgazykdaky daýhan birleşik 14,470 tonna şaly ýygnamagy maksat edinýär

BT
Demirgazykdaky daýhan birleşik 14,470 tonna şaly ýygnamagy maksat edinýär

Daşoguz welaýatynyň demirgazygynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň “27-nji oktýabr” daýhan birleşiginiň ýer eýeleri 14 müň 470 tonna şaly hasylyny almagy maksat edinýärler.

Şalyçylyga ýöriteleşdirilen bu daýhan birleşiginde 2017-nji ýylda 2 müň 202 gektara şaly ekilen bolsa, şu ýyl 3 müň 350 gektardan endigan gögeriş alyndy.

Şu günler “27-nji oktýabr” daýhan birleşiginiň daýhanlary ekinlere bejergi işlerini alyp barýarlar. Olary goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek üçin gyzgalaňly döwürdigini aýdýan ýerli daýhanlar haşal otlaryň garşysyna gerbisidleri ulanýarlar.

Daýhan birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nazargeldi Atanazarow, şaly ösdürip ýetişdirmekde daýhanlar bilen bir hatarda mehanizatorlaryň hem mynasyp paýynyň bardygyny belläp geçdi. N.Atanazarow, mehanizatorlaryň zähmetiniň netijesinde ekiş çäreleriň talaba laýyk alnyp barylandygyny aýtdy.

“27-nji oktýabr” daýhan birleşiginde şaly ýetişdirýän daýhanlaryň 296-sy öňümizdäki güýzde her gektardan ortaça 43.2 sentner hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler.  

Şalyçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, 2018-nji ýylda welaýat boýunça 8 müň 100 gektardan 35 müň 106 tonna şaly hasyly ýygnaldy.

2022