TSTB we “Nesma Trading” hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada maslahatlaşdylar

TSTB we “Nesma Trading” hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada maslahatlaşdylar
“Nesma Trading Co. Ltd.” kompaniýasy 1979-njy ýylda Jidda şäherinde esaslandyryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) we “Nesma Trading Co. Ltd.” kompaniýasynyň (Saud Arabystan Patyşalygy) ýolbaşçylary bilen penşenbe güni duşuşyk geçirildi diýlip, TSTB-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda myhmanlar TSTB-niň amala aşyrýan işleri we ýeten üstünlikleri baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga höweslidiklerini beýan etdiler hem-de türkmen telekeçileri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Şeýle hem, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şol sanda bilelikdäki önümçiligi döretmek barada pikir alyşdylar.

“Nesma Trading Co. Ltd.” kompaniýasy 1979-njy ýylda Jidda şäherinde esaslandyryldy. Häzirki wagtda kompaniýa Saud Arabystanda iň belli we düýpli kompaniýalaryň birine öwrüldi, ol awiakompaniýalar, logistika, taslama düzmek we gurluşyk işleri, aragatnaşyk, önümçilik, innowasion önümleri we goldaw hyzmatlary üpjün etmek bilen meşgullanýar. 

2022