“Ýakyn Dost” şerbet önümçiligine başlady

“Ýakyn Dost” şerbet önümçiligine başlady
“Ýakyn Dost” HJ tarapyndan gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhana 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda işläp başlady.

“Ýakyn Dost” hojalyk jemgyýeti Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde aýna gaplarda “Garaja” haryt nyşanly şerbet önümçiligine başlady. Olar aýwadan, ýertudanadan, üljeden, armytdan, erikden, garalydan, almadan gaplanýar.

Kompaniýanyň dolandyryjysy Serdar Aşyrowyň aýtmagyna görä, önümlere ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan isleg bildirilýär. “Ýakyn Dost” gerekli miweleri maý we dekabr aralygynda hasyl ýygnaýan ýerli telekeçilerden we daýhan birleşiklerinden üpjün edýär. Bu bolsa, hojalyk jemgyýetine şerbetlerden başga-da ýedi görnüşli mürepbe, şeýle-de dört dürli: hyýar, pomidor, kelem we dürli görnüşli ýapmalary öndürmäge mümkinçilik döredýär. Gaplamak işleriniň ählisi Türkiýeden getirilen enjamlar arkaly amala aşyrylýar.

– Biz önümlerimiziň görnüşlerini geljekde hem artdyrmagy meýilleşdirýäris, leçonyň we konserwirlenen tomatyň önümçiligini hem ýola goýmakçy – diýip, S.Aşyrow sözüniň üstüni ýetirdi. – Şeýle hem biziň ähli önümlerimizde reňklendirijiler, konserwantlar, GMO ýokdur, önümlerimize isleg artýar, bu biziň üçin – üstünlik. Häzirki gün önümlerimizi Russiýa, Özbegistana, Gazagystana eksport etmegi ýola goýmagy meýilleşdirýäris

“Ýakyn Dost” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhana 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda işläp başlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022