Abatlanan guýulardan 70,962 tonna nebit çykaryldy

Abatlanan guýulardan 70,962 tonna nebit çykaryldy
Goturdepe ýatagy

“Türkmennebit” döwlet konsernine degişli “Nebitgazçykaryş” trestiniň 62 topary Barsagelmez, Goturdepe, Gamyşlyja nebit we gaz ýataklarynda abatlaýyş işlerini alyp barýar.

Abatlaýjylar üstümizdäki ýylyň birinji alty aýynda goşmaça 18 guýy abatladylar. Meýilnama görä 244 guýy tabşyrylmaly bolsa, trestiň abatlaýyjylary 262 guýy tabşyrdy. Abatlaýyş işleriniň netijesinde ulanylyşa goýberilen ýataklardan goşmaça 70 müň 962 tonna nebit çykaryldy.

Treste degişli 50 topar abatlaýyş işlerini alyp barýan bolsa, alty topar ikinji sütüni gazmak, ýagny ulanyş sütü­ninden “penjire açyp”, gapdala çykmak işlerini amala aşyrýar.

Abatlaýjylar gatlagy abatlamak, guýynyň düýbüni berkitmek, ýokary we aşaky gatlaklara dolanyp barmak, ulanyş sütünlerindäki näsazlyklary düzetmek we suwly gatlaklaryň öňüni baglamak ýaly işleri bitirýärler. Aýratyn alty topar bolsa maýyşgak “NKT” turbasy arkaly guýularda ýuwuş işlerini geçirýär.

Toparlar ýokary öndürijilikli göteriji desgalar bolan “XJ-250” we “XJ-450” bilen üpjün edildi. “XJ-250” desgasy ýeňil bolup, islendik ýere aralaşyp bilýär. Onuň göterijiligi 40 tonna bolsa, has kuwwatly “XJ-450” desgasynyň göterijiligi 80 tonna deň. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022