“Dostlukgallaönümleri” kärhanasynda 14,415 tonna un öndürildi

“Dostlukgallaönümleri” kärhanasynda 14,415 tonna un öndürildi
Ýanwar-iýun aralygynda kärhanada ýokary, birinji we ikinji hilli unuň 14 müň 415 tonnasy öndürildi.

“Lebapgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň “Dostlukgallaönümleri” kärhanasynyň işgärleri üstünlikli zähmet çekýärler. Ýanwar-iýun aralygynda kärhanada ýokary, birinji we ikinji hilli unuň 14 müň 415 tonnasy öndürildi, bu görkeziji bellenen meýilnamadan artyk boldy. Önümiň hili bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Dostluk şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän bu möhüm desga welaýatyň gündogarynda uly meýdanlarda bugdaý ösdürip ýetişdirilmäge başlanandan soňra 1998-nji ýylda guruldy. Bu gaýtadan işleýän toplumda ýokary önümçilik kuwwatly german, amerikan we şweýsar enjamlary oturdyldy, olary netijeli ulanmak we meýilnama görä saklanýan wagty abatlamak işleri öwrenildi.

Häzirki wagtda kärhananyň kabul ediş nokatlaryna Döwletli we Köýtendag etraplarynyň deslapky guradyş we arassalamak prosesinden geçen täze hasylyň dänelerini daşamak işleri dowam edýär. Şeýle hem, bu ýerde Amyderýanyň sag kenaryndaky özleşdirilen takyr ýerlerde Çärjew, Dänew we Saýat etraplarynyň gallaçylary tarapyndan ýetişdirilen bugdaý hasylyny kabul edýärler.

Derýanyň çep kenaryndaky Kerki we Halaç etraplarynda ýygnalan “ak bugdaýy” daşamak has hem aňsatlaşdy. Bu bolsa, suwüsti geçelgäniň ornuna gurlan derýanyň üstünden geçýän döwrebap Kerki-Kerkiçi awtomobil köprüsi arkaly mümkin boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022