“Sandykgaçy”-da miweleriň 500 tonnasy ýygnaldy

“Sandykgaçy”-da miweleriň 500 tonnasy ýygnaldy
“Sandykgaçy”-dan ýylyň-ýylyna alma, ülje, garaly, erik ýaly ýokumly miweleriň we üzümiň uly tapgyry ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky “Sandykgaçy” daýhan birleşigi miweçilikde adygan hojalyklaryň biri. Çary Kepbekulyýewiň başlyklyk edýän bu daýhan birleşiginde 550 gektardan gowrak meýdanda miweli we üzüm agaçlarynyň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi.

Miweçilik daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbanlarynyň şu ýyl hem bol hasyly kemala getirendigini belleýän Ç.Kepbegulyýew: “Häzire çenli erikdir alma, garaly ýaly baglardan alnan miweleriň mukdary 500 tonnadan hem geçdi. Kärendeçi bagbanlarymyz bäsleşikli zähmet çekýärler” diýip, miwe ýygnamagyň gyzgalaňly dowam edýändigini nygtady.

Bu ýerde 500-den gowrak kärendeçi bagban zähmet çekýär. “Sandykgaçy”-dan ýylyň-ýylyna alma, ülje, garaly, erik ýaly ýokumly miweleriň we üzümiň uly tapgyry ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylýar.

2022