Awgust aýy gadymy senenamalarda miweleriň bişmegi we bol hasylynyň ýygnalmagy bilen baglanyşdyrylýar. Narlar bişýär, üzüm baldaklary narynjy reňk şiresi bilen dolýar. Bakjalarda, egsilmez meýdanlarda türkmen tomsunyň esasy süýjüligi – altyn reňkli gawunlar ýetişýär. Şeýle hem bu aýda süýji garpyzlar we kädiler hem bişýär.
Häzirki wagtda dürli sortlaryň sany köpeldi welin, olary diňe ýörite hünärmen tapawutlandyryp bilýär. Bakja ekinleriniň Türkmenistanyň çäginde ýetişdirilişi barada “Babadaýhan mirasy” atly meşhur-ylmy neşirinden öwrenip bolar, bu ýerde köp ýyllaryň dowamynda halkyň ösdürip ýetişdiren türkmen gawun atlarynyň 323 sanysy getirilen. Bu kitapda şeýle-de ýatdan çykyşan garpyzyň 35 ýerli sortunyň we kädiniň 41 sortunyň atlaryny öwrenmek bolar, giňden tanalýan gawun sortlarynyň 57 sanysynyň, “waharman”, “gülaby”, “garrygyz” we “gürbek” ýaly has köp saýlanýan sortlaryň reňkli suratlaryny hem görmek bolar.
Bu günki gün saklanyp galan görnüşleriniň köp sanly gibrid sortlary ýaýrady, saýlamagy ýeňilleşdirmek üçin olaryň atlaryny esasy sortuna ýanaýarlar, mysal hökmünde ak-gülabyny, gök-gülabyny ýa-da ak-gürbegi, ala-gürbegi getirmek bolar.
Şeýle hem tohumçylar “gökje”, “gök torly”, “handelek”, “bişek”, “şirin paçak”, “ak şekerpalak”, “köýbaş”, “ömürbaky”, “kalaýsan”, “akgaş”, “çogary”, “bargy” we başga-da köp sortlaryň “abraýyna” belet. Şekerli “tarlawuk”, hoşboý ysly “gara gawun”, heniz önümçilik tejribesi az, täze ýöne, geljegi bolan “ak zamça’, “uzyn zamça’ we “daghan” sortlary Türkmen bakjalarynyň buýsanjydyr. Ýurdumyzyň çäginde 400 ýerli gawun sortlary ýetişdirilýär. Olaryň içinde çalt bişýäni hem, orta we uzak möhletde bişýäni hem bar.
Ýurdumyzda ýetişdirilýän garpyzlaryň aglaba bölegi ýerli seçiş işleriniň netijesinden alnan “ak garpyz”, “ala garpyz”, “Aşgabat garpyzy”, “Mary garpyzy”, “Çärjew gyş garpyzy”, “jeýhun”, “pir garpyzy” we “süýri garpyz” sortlaryndan ybaratdyr. Soňky ýyllarda bu bakja önüminiň täze durnukly sortlary döredildi.
Bakja ekinleri adamyň bedeni üçin şekerli maddalaryň, witaminleriň we mikroelementleriň çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Ýurdumyzyň ilaty üçin gawun bilen garpyz diňe tomus paslynda däl, eýsem, gyş paslynda hem çalşyp bolmajak süýjülik bolup, bu miweleriň sowadylany aýratyn lezzet berýän tagamly bolýarlar.
Her ýyl awgustyň ikinji ýekşenbesinde türkmen gawunynyň güni ýurdumyzda giňden bellenip geçilýär.