Lebapda hoz meýdanlary köpelýär

Lebapda hoz meýdanlary köpelýär

Bu agajyň adamyň kelle beýnisine çalymdaş miwesinden başlap, tä onuň ýapraklaryna çenli ynsan bedenine bejerijilik häsiýeti diýseň uly. Hoz barada Gündogar alymy Seýit Ysmaýyl Jurjany “Horezmşanyň genji-hazynasy” diýen işinde arassalanylan hoz maňzyny zäherlenme zerarly bedene zyýan ýetende, iýmegi maslahat berýär.

Häzirki döwürlerde lukmançylyk ylmy hozuň turşulygy sazlamak arkaly aşgazanyň işleýşini gowulandyrýandygyny, bedende kobalt duzunyň, demriň ýetmezçiliginiň öwezini dolýandygyny anykladylar. Hoz beýniniň gan damarlarynyň işini sazlamak bilen, onuň döredijilik adamlarynyň işjeňligini has artdyrýandygyny lukmanlar anykladylar.

Şeýle ähmiýete eýe bolan hozy biziň ýurdumyzda köpeltmek barada bagbanlarymyz uly tagallalary edýärler. Tejribeli daýhanlar hozuň diňe bir daglyk ýerlerde bitmän, eýsem, islendik ýerde hem gögerip, hasyl berip bilýändigini zähmetleri bilen subut etdiler.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda mülkdar bagban Hudaýberdi Taňryberdiýew köp ýyllaryň dowamynda öz mellek ýerinde hoz nahallaryny ýetişdirmek bilen dürli tejribeleri geçirdi. Hozuň galyň we ýuka gabykly görnüşleriniň aýratynlyklaryny öwrendi. Hoz agajynyň nähili dökünlere mätäçdigi we bol hasyl getirmegi üçin başga-da nähili çäreleri görmelidigini geçiren tejribelerinden göz ýetirdi. Şeýdip, ol obadaşlarynyň ençemesiniň melleginde hoz agaçlarynyň bolmagyny gazandy.

Welaýatyň Kerki etrabynyň Astanababa obasynda ýaşaýan Begenç Jumaýew hem öz mellek ýerinde ýetişdiren hoz agaçlarynyň hasyl berijiligini artdyrmak üçin dürli tejribeleri geçiripdir. Onuň örän çuň gatlaklara uzap gidýän kökler ulgamyna zyýan ýetirmän demir, mis, magniý, kaliý ýaly dökünleri özünde saklaýan serişdeleri hoz agajynyň düýbüne gömüpdir. Onuň netijesi 3-4 ýyldan soň bildirip, hozuň hasyllylygy artyp ugrapdyr. – Hozuň maňzynda 45-77 göterime çenli ýag bolup, ol köp dertleriň bire-bir emidir. Onuň ýokumlylygy sygyr etiniňkiden 7 esse köpdür. Onuň bir kilogramy 10 kilogram towuk etiniň berýän kilokaloriýasyna deňdir – diýip, Begenç Jumaýew gürrüň berýär.

Hoz agajynyň 200-250 ýyl bäri ösüp oturan äpet görnüşlerine Lebabyň Köýtendag etrabynyň Hojaýpil we Köýten obalarynda duş gelmek bolar. Kemala gelmegi örän kyn bolan hoz agajynyň boýy 2–3 ýylyň içinde bary-ýogy bir metre çenli ösüp bilýär. Emma onuň kök-damar ulgamy şol döwrüň içinde 80–90 santimetre ýetýär. Ol 6-7 ýyldan soň hasyl berip başlaýar.

Hoz agajy ýurdumyzda Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynyň çäklerinde, Köpetdagda, Köýtendagyň derelerinde köpçülikleýin ösýär. Sentýabr, oktýabr aýlarynda bişip ýetişýän miwesinden ýörite nahalhanalarda ekilip, hoz agajynyň nahallaryny ýetişdirmek işi barha giň gerime eýe bolýar.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022