“Ak durna” demirgazyk sebitinde balyklaryň sanyny artdyrýar

“Ak durna” demirgazyk sebitinde balyklaryň sanyny artdyrýar
Sarygamyş köli

Daşoguz welaýatynda “Ak durna” hususy kärhanasynyň hünärmenleri balykçylygy ösdürmegiň we balyklaryň köpeldilişiniň üstünde netijeli işleri alyp barýarlar. Kepir we tüňňi maňlaý balyklarynyň işbilleri tebigy ýagdaýlara ýakynlaşdyrylan şertlerde ýetişdirilýär. Akar suwly emeli howdanda olaryň kadaly ösmegi üçin zerur ýylylyk derejesi üpjün edilýär. Olara zerur bolan iýmit bolsa kärhananyň özünde taýýarlanylýar. Hünärmenleriň yhlas-tagallasy bilen ýetişdirilen maýda balyklary güýz paslynda Sarygamyş, Aýböwür we Uzynşor köllerine goýbermek göz öňünde tutulýar.

Bäsleşikli söwda esasynda öňki “Daşoguzbalyk” döwlet kärhanasynyň hususylaşdyrylmagy netijesinde döredilen bu hususy kärhana ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şu ugurdaky iň iri düzümleriň biri hasaplanýar. Balyk awlanylýan esasy ýerde – Sarygamyş kölünde ygtyýarynda motorly gaýyklaryň onlarçasy bolan balyk awlaýjylar topary zähmet çekýär. Ýöriteleşdirilen kärhananyň düzümine kakadyjy we doňduryjy bölümleri bolan senagat zolagy hem girýär.

“Ak durnanyň” S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde 5 gektar meýdany tutýan hususy howdan hojalygy-da bar. Kärhanada geljekde täze enjamlary satyn almagyň hasabyna önümçiligi düşewüntli pudaga öwürmek, önümleri döwrebap gaplara gaplaýjy ulgamlary işe girizmek hem maksat edinilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022