“Deliveroo” restoranlary “halas eder”

“Deliveroo” restoranlary “halas eder”
Topar “halas edilmäge mätäç” bolan restoranlary bazar seljermeleriniň we ýerli pikirleriň netijesinde saýlap alar.

Dünýäniň 200 ýurdunda nahar eltip bermek hyzmaty berýän “Deliveroo” kompaniýasy Londandaky ştab-kwartirasynda restoranlara goldaw berýän we olaryň kompaniýanyň “Editions” zynjyryna goşulmagyna kömek edýän “restoran halas ediji toparyny” döretdi.

Kompaniýanyň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, bu topar “halas edilmäge mätäç” bolan restoranlary bazar seljermeleriniň we ýerli pikirleriň netijesinde saýlap alar. “Deliveroo” kompaniýasy saýlanan restoranlara branding işlerini ýerine ýetirmeklerine, baha strategiýalaryny we menýularyny kämilleşdirmäge ýardam berer. Şeýle hem “Editions” zynjyryna goşulan restoranlaryň diňe eltip bermek hyzmatyna ýöriteleşdirilmegi üçin aýratyn maliýe we serişde goldawy berler.

Birleşen Patyşalykda liwan aşhanasyna ýöriteleşdirilen restoranynyň 2017-nji ýylyň noýabr aýynda “Editions” zynjyryna geçeninden soňra telekeçilik işini has hem kämilleşdirendigini aýdan esaslandyryjy Fadi Kafi: “Kompaniýa ‘Waleema’-ny iň bir ähmiýetli döwürde halas etdi, bazara girmegimizi aňsatlaşdyrdy. Restoranlaryň hyzmat döwrüni uzaldýan bu taslama adamlara maslahat berip biljegimiz bir mümkinçilikdir” diýip, beýanatda belläp geçdi.

Işçi güýjüniň we iýmitleriň bahalarynyň ýokarlanmagy restoranlar üçin ykdysady kynçylyklary döredýär. Kompaniýa täze taslamasyny ilki bilen Londonda ýola goýar diýlip, beýanatda aýdylýar.

2022