Türkmenistanda Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň işi boýunça Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanda Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň işi boýunça Düzgünnama tassyklanyldy

Harytlaryň eksporty we importy babatdaky daşary ykdysady işi seljermegi düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň üstüne Türkmenistanda harytlaryň eksporty we importy babatdaky daşary ykdysady işi seljermek hem-de bu ugurda degişli işleri ýerine ýetirmek, harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň dünýä bazaryndaky ýagdaýynyň marketing seljermesini geçirmek hem-de daşary ykdysady işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi.

Şeýle hem resminama bilen, bu agentlik hakyndaky Düzgünnama we onuň gurluşy tassyklanyldy.

Statistika baradaky döwlet komiteti, Döwlet gümrük gullugy we Döwlet haryt-çig mal biržasy harytlaryň eksporty we importy hakyndaky maglumatlary agzalýan Agentligine her aýda bermäge borçly edildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligine daşary ykdysady işi amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslardan degişli maglumatlary bellenen tertipde almaga ygtyýar berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

2022