VINCI Türkmenistandaky gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşmak isleýär

VINCI Türkmenistandaky gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşmak isleýär
VINCI kompaniýasynyň Direktorlar Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw Tibo de Silgi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady Forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen VINCI kompaniýasynyň Direktorlar Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw Tibo de Silgini kabul etdi.

Myhman Awazada geçirilýän Forumyň ähmiýetinj belläp, bu uly göwrümli çäräniň Hazar sebitinde has giň ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Iw Tibo de Silgi özüniň Türkmenistana mundan 10 ýyl öň gelip gideninden bäri bu yurtda amala aşyrylan ägirt uly işlere haýran galandygyny mälim etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda alnyp barylýan şäher gurluşygy taslamalaryna VINCI kompaniýasynyň ençeme ýyllap işjeň gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Myhman netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge öz kompaniýasynyň gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, VINCI kompaniýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine anyk teklipleri hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmek boýunça taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, VINCI kompaniýasyny olary durmuşa geçirmek boýunça işlere gatnaşmaga çagyrdy.

Özüne bildirilýän ynam üçin minnetdarlyk bildirip, biznesmen türkmen tarapynyň bildirýän talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge taýýardygyny nygtady we Forumyň işinde üstünlik arzuw etdi.

2022