Türkmenabat ýüpek önümçilik birleşiginiň önümçiligine matalaryň we nagyşlaryň täze görnüşleri girizildi. Olar sarp edijileriň isleglerine we täzeçe meýillere laýyklykda kärhananyň tehnologlary we suratkeşleri tarapyndan işlenip düzülen diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.
Önümleriň görnüşlerini täzelemek, hilini ýokarlandyrmak we döwrüň meşhur bezeglerine eýermek ösüşiň marketing strategiýasyny netijeli durmuşa geçirýän kärhananyň işinde möhüm ýagdaýdyr. Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýüpek we nah matalaryň 5,5 million inedördül metrinden gowragy öndürildi. Bu geçen ýylyň şu döwrüniň görkezijilerinden ep-esli ýokarydyr.
Pile saraýjy önümçiligiň işgärleri hem bu üstünlige saldamly goşant goşdy. Ýanwaryň başyndan bäri olar ýokary hilli ýüpek ýüplüginiň 31 tonnasyndan gowragyny öndürdi. Geçen ýylyň ýanwar-iýul aýlary bilen deňeşdirilende ýüpek sapagynyň öndüriliş möçberi ep-esli ýokarlandy.
Dünýä ülňüleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän önümiň uly bölegi, şeýle-de pile önümçiliginiň galyndylary daşarky bazarlara iberildi.