Hökümet mejlisinde HYF-niň jemleri barada hasabat berildi

Hökümet mejlisinde HYF-niň jemleri barada hasabat berildi
Birinji Hazar ykdysady forumyna 58 ýurduň wekiliýetleri, halkara guramalaryň 39-synyň wekilleri, 50 döwletden gelen işewürler gatnaşdy.

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary 11-12-nji awgustda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri we awgust-sentýabr aýlarynda geçiriljek çäreler barada hasabat berdiler. Hasabatlara görä birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan gurnalan birža söwdalaryna 19 ýurtdan jemi 105 dellal gatnaşyp, 256 geleşige görä şu önümler daşarky bazara ýerlendi:

  • 6 million 308 müň dollardan gowrak gymmaty bolan dokma önümleri;
  • 335 million 476 müň dollarlyk A-80 we ECO- 93 kysymly awtobenzin, uçar kerosini, dizel ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, nebit koksuny, polietilen, karbamid, tehniki ýod;
  • 36 million 884 müň 555 dollarlyk pagta süýümi;
  • 1 million 510 müň 125 dollarlyk reňksiz aýna we portland sementi.

Birža söwdalaryna Türkmenistanyň telekeçileri hem gatnaşdy. Söwdalaryň netijesinde şu önümler içerki bazarda satyn alyndy:

  • 43 million manatlyk polietilen we polipropilen;
  • 96 müň 600 manatlyk dokma önümleri.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde senagat-kommunikasiýa bilen bagly ikitaraplaýyn resminamalaryň 17-sine gol çekildi. Kazan dikuçar zawodynyň öndürýän lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak barada degişli ylalaşyk gazanyldy.

Forumyň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň 300-e golaýynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda işewür duşuşyklar geçirildi. Bu çäräniň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnamalaryň 15-sine gol çekildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleri bilen bilelikde, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisini hem-de “Türkmen sährasy – 2019” halkara awtosergisini gurnady. Onda dünýäniň 22 ýurdunyň bölümleriniň 156-sy gurnaldy.

Serginiň maksatnamasyna Türkmenistanyň önüm öndürijileriniň we daşary ýurt kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini öz içine alýan tanyşdyryş çäreleriniň 23-si girizildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 23-si geçirildi.

Umuman, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe pudaklary, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba hem-de suw hojalygy, sport we beýleki ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen bagly halkara resminamalaryň 60-a golaýyna gol çekildi.

Birinji Hazar ykdysady forumyna 58 ýurduň wekiliýetleri, halkara guramalaryň 39-synyň wekilleri, 50 döwletden gelen işewürler gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022