Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda göni logistika ugry dörediler

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda göni logistika ugry dörediler
Eýran wekiliýeti bilen duşuşykda deňiz arkaly aragatnaşygy kämilleşdirilmek, bilelikdäki logistika ugruny döretmek ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda göni logistika ugruny döretmek boýunça ylalaşyga gelindi.

ISNA habar agentliginiň Duşenbe güni neşir eden maglumatyna görä, Eýranyň Ulag we şäheri ösdürmek ministri Mohammed Eslami bu ugurda degişli ylalaşyga oktýabr aýynda Aşgabatda gol çekiljekdigini mälim etdi.

Mohammed Eslami 75 adamlyk eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy hökmünde awgust aýynyň 11-12-ne “Awazada” geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşypdy.

Eslaminiň aýtmagyna görä, forumyň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň we Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýolbaşçylary bilen görüşen Eýran wekiliýeti duşuşygyň dowamynda deňiz arkaly aragatnaşygy kämilleşdirilmek, bilelikdäki logistika ugruny döretmek, demirgazyk-gündogar ulag geçelgeleri ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşdy.

Iki goňşy ýurduň arasyndaky ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, gümrük geçişleri bilen bagly meselelere çözgüt getirmek maksady bilen Eýranyň Ulag we şäheri ösdürmek ministriniň orunbasary Abdolhashem Hassan-Nia we Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif maý aýynda Türkmenistanda iş saparynda bolupdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022