Türkmen oba hojalygyndaky özgertmelerden ýokary netijelere garaşylýar

Türkmen oba hojalygyndaky özgertmelerden ýokary netijelere garaşylýar
Şu ýyl gowaça 550 müň gektar ýer bölünip berildi. Umumy alanyňda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny ýygnamak bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, geljek ýylda bugdaý ekiljek meýdanyň möçberi 760 müňden 690 müň gektara çenli azaldylar. Bugdaý taýýarlamagyň möçberini 1 million 400 müň tonna çenli azaltmak meýilnamalaşdyrylýar. Güýzlik bugdaýdan boşan ýerler gowaça ekmäge beriler.

Şu ýyl bugdaýyň satyn alnyş nyrhy iki gezek ýokarlandyryldy. Munuň üstesine-de ekerançylara ýer üçin iň az töleg bellenildi. Olar salgytdan doly boşadyldy.

Kärendeçiler we daýhan birleşikleri tehnika, tohum, mineral dökünler, suw we hyzmatyň beýleki görnüşleri bilen hem ýeňillikli şertlerde üpjün edilýärler. Şeýlelikde, gallaçylaryň çykdajylarynyň ýarysyndan gowragyny döwlet öz üstüne alýar.

Şu ýyl gowaça 550 müň gektar ýer bölünip berildi. Umumy alanyňda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny ýygnamak bellenilýär.

Mundan başga-da, oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer bölegini alan öndürijiler 25 müň 567 gektar ýerde gowaça ýetişdirmäge ilkinji gezek girişdiler. Ýokary gögerijilik, süýümiň berkligi, uzynlygy we arassalygy ýerli seçgijileriň ýetişdirýän gowaça görnüşleriniň hiline berýän ünsleriniň esasy ugurlarydyr. Orta süýümli gowaçalar ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýär.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň birnäçe daýhan birleşikleriniň gowaça meýdanlarynda sanly telemetrik ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan “John Deere 6195M” kysymly täze traktorlar synagdan geçirilýär. Bular meýdanlarda topragy işläp taýýarlamak, ekişe ideg etmekde bolşy ýaly, ýük ýüklemek, düşürmek we beýleki ulag işlerinde hem deň derejede ulanylýar.

Radiokanallar arkaly topragyň we ösümlikleriň ýagdaýy barada maglumat berýän görkezijiler we sensorlar kabul ediji enjamlar oturdylandan soň, oba hojalyk maşynlarynda “akylly” we anyk ekerançylyk işi başlanýar. Sanly tehnologiýany ornaşdyrmagy ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny artdyrmaga, tohum serişdelerini, döküni we ösümlikleri goramak serişdelerini, suwaryş suwyny we ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, hil häsiýetlerini nazarda tutmak bilen, pagta we pilä ýokarlandyrylan bahalar girizildi. Ýüpekçilik bilen meşgullanmak isleýänlere ýüpek gurçugy tölegsiz paýlanylýar. Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan ýaprak üçin bolsa, hiç hili töleg ýok.

2022