“Vulcan Capital” Aziýa bazaryna girdi

“Vulcan Capital” Aziýa bazaryna girdi
Singapurda ilkinji halkara ofisini açan kompaniýa günorta-gündogar aziýaly startaplara başlangyçda 100 million dollarlyk maliýe serişdesini goýbermegi meýilleşdirýär.

“Microsoft” korporasiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Paul Alleniň maýa goýum kompaniýasy “Vulcan Capital” Aziýa bazaryna girdi. “Bloomberg” neşirinde berlen makala görä, Singapurda ilkinji halkara ofisini açan kompaniýa günorta-gündogar aziýaly startaplara (täze açylan kompaniýalar) başlangyçda 100 million dollarlyk maliýe serişdesini goýbermegi meýilleşdirýär.

“Vulcan Inc.”-yň ýolbaşçysy Bil Hilf Aziýa bazary üçin Singapury saýlamak netijesine üç ýylda gelendiklerini aýdyp: “Singapura girmezimizden ozal, bu ýer barada ähli maglumaty öwrendik” diýdi.

Merkezi ABŞ-nyň Sietl ştatynda ýerleşýän “Vulcan Inc.” kompaniýasynyň bölümi bolan “Vulcan Capital” Aziýadaky merkeziniň dolandyryjylary hökmünde Tommy Teo we Minijie Ýuny işe aldy. Teonyň aýtmagyna görä kompaniýa maliýe hyzmatlary berýän, gozgalmaýan emläklerde ulanylýan tehnologiýalary taýýarlaýan, internet bilen bagly hyzmatlary hödürleýän taraplara maliýe goldawyny berer. Kompaniýa başlangyçda Singapuryň, Indoneziýanyň we Wýetnamyň bazarlaryna üns berer.

Maliýe goldawlarynyň netijesinde kompaniýanyň gazanjak girdejileri “Vulcan Inc.”-iň howanyň üýtgemegi we ýabany tebigaty gorap saklamak ýaly ugurlarda alyp barýan haýyr-sahawat işlerine ugrukdyrylar. “Vulcan Capital”-yň dolandyryjylary bu iş modeliniň ýaş we maksada okgunly esaslandyryjylaryň ünsüni çekjekdigine ynanýar.

2003-nji ýylda esaslandyrylan “Vulcan Capital” häzirki wagta çenli “Alibaba”, “4INFO”, “Spotify”, “Uber”, “Redfin” we “Dreamworks” ýaly kompaniýalaryň birnäçesine maliýe goldawyny berdi.