Türkmenistanda birnäçe dokma kärhanalary paýdarlar jemgyýetine öwrülýär

Türkmenistanda birnäçe dokma kärhanalary paýdarlar jemgyýetine öwrülýär

“S.A.Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumy” hem-de Büzmeýin etrabyndaky pagta egirme galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhana açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçiren hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýewiň bu baradaky tekliplerini makullady we wise-premýere bu ugurdaky maksadalaýyk işleri dowam etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem iň täze ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrmak arkaly dokma senagaty pudagynyň önümçiliklerini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Dokma pudagynyň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini kämilleşdirmek, şolaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda dürli çäreler görülýär.

2022