Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurluşyklar badalga alýar

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurluşyklar badalga alýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda aprel aýynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň – täze şäheriň düýbi tutuldy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleri 2019-njy ýylyň awgust aýynda başlar we binalary hem-de desgalary 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Karara laýyklykda edaralara, kärhanalara we guramalara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda aprel aýynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň – täze şäheriň düýbi tutuldy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler.

Düýbi tutulan şäher 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenen. Bu ýerde iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar.

Şeýle hem täze welaýat merkezinde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagy, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdep, başlangyç we orta hünär mekdebi, iki sany sungat mekdebi, şeýle hem durmuş ähmiýetli desgalaryň birnäçesi bina ediler.