Türkmen-Singapur işewürlik maslahatynda täze ylalaşyklara gol çekildi

Türkmen-Singapur işewürlik maslahatynda täze ylalaşyklara gol çekildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Singapuryň Işewürlik federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna edýän döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-singapur işewürlik maslahaty geçirildi.

Singapuryň Işewürlik federasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak, bilelikdäki tagallalaryň gönükdirilmeli ugurlaryny kesgitlemek üçin başlangyç çäre boldy.

Dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Türkmenistana wekilçilik etdiler.

“Shangri-La” myhmanhanasynyň mejlisler zalyndaky duşuşykdan öň Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Onda dokma senagatynyň önümleri, ýüplük, matalar we taýýar tikilen önümler, şol sanda jins önümleri, ýorgan-düşek, ýassyk daşlarynyň, aşhana we hammam geýimleriniň owadan bezelen toplumlary, ýüpek önümleri, gölli halylar görkezildi.

Türkmenistanyň telekeçileri hem öz önümlerini Singapurda görkezdi – öý dokmasy, egin-eşik, ýuwujy serişdeler, deriden tikilen häzirki zaman aýakgaplary, iýmit önümleri, hakyky miweden öndürilen suwlar, süýji-kökeler. Gawun kakly süýjüler gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. 

Maslahaty Singapuryň Işewürlik federasiýasynyň başlygy Teo Siong Seng açdy. Federasiýanyň düzümine 25 müň 800 golaý şereketler, şeýle-de möhüm ýerli we daşary ýurtlaryň işewür edaralary girýär.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň we Singapuryň söwda dolanyşygy 43,4 million dollara deň boldy. 2016-njy ýyldan bäri iki ýurduň söwda dolanyşygy 5 esse ýokarlandy.

Teo Siong Seng Merkezi Aziýada çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýete we ägirt uly tebigy baýlyga eýe bolan Türkmenistanda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin uly ykdysady mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gol çekilmegi meýilleşdirilýän Singapuryň Işewürlik federasiýasynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnamany mälim etdi.  

Singapur kompaniýalary himiýa, şeýle-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrendi. Singapuryň “Indorama” kompaniýasynyň we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň 2018-nji ýylyň başynda gepleşiklere başlap, şu taslama boýunça Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

Türkmenistan üçin Singapur işewürlik toparlaryna ägirt uly mümkinçilikleri açýan Günörta-Gündogar Aziýanyň giňişligine çykmak üçin başlangyç nokat bolup biler.  Singapuryň söwda we senagat ministri Ko Po Kun çykyşynyň dowamynda bu bazara çykmagy isleýän türkmen kompaniýalary öz wekilliklerini Singapurda ýerleşdirip bilýändigini aýtdy.

Işewürlik maslahatynda Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi bolan ýerlerini özleşdirmek, gatlaklaryň nebti çykaryşyny artyrmak; nebit we gaz himiýany ösdürmek; senagat desgalaryny gurmak boýunça taslamalar ýaly ulgamlarda maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň açykdygy aýdyldy.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Singapuryň Banklar assosiasiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga we Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş döwlet bankynyň we DBS Bank Ltd. (Singapuryň Ösüş bankynyň) arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga;

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň we “Indorama Corporation Pte. Ltd.” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama; Dokma senagaty ministrligi we “Indorama Corporation Pte. Ltd.” arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Singapuryň Işewürlik federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Şeýle-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Singapuryň Menejmenti ösdürmek institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Şular ýaly resminama Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi we Singapuryň “Pacific International Lines Pte. Ltd.” kompaniýasy gol çekdi. Olar ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi “Vallianz Holdings” we “Sun Connect Pte. Ltd.” kompaniýalary bilen özara düşünişmek hakynda iki ähtnama gol çekdi.