“Daýhanbank” kartyny ulanýanlaryň sany 1.5 milliona golaýlady

“Daýhanbank” kartyny ulanýanlaryň sany 1.5 milliona golaýlady

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň bank kartyndan peýdalanyjylaryň jemi sany 1,421,581 bolup, olardan 405,520 sanysy oba hojalyk önümlerini öndüriji kärendeçilerdir. Bankyň maşgala kartyny ulanýanlaryň sany 2,886-e, goýum bank kartyny ulanyjylarynyň sany bolsa 21,898-e ýetdi.

“Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ulgamy tarapyndan bankomatlaryň 1029 sanysy ýerleşdirildi. Olaryň 512 sanysy daýhan birleşiklerde, arçynlyklarda goýuldy. Töleg terminallarynyň bolsa 7312 sanysy ýerleşdirilip, olardan 2296 sanysy oba ýerlerinde ornaşdyryldy.

Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryna hödürlenilýän hyzmatlaryň sany yzygiderli artýar. Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde köpdürli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awtoulaglaryň ýangyjy, döwlet ätiýaçlandyryş, demir ýol we awiapetekler üçin tölegleri, karz bergilerini we onuň göterimlerini tölemek töleg terminallarynyň hem-de bankomatlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. 

Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlar üçin köpçülikli ýaşaýyş ýerlerinde elýeterli we amatly nokatlarda gurnalandyr. Bankomatlaryň hem-de “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatyndan peýdalanyp, olaryň üsti bilen degişli edaralara gitmezden saglyk ätiýaçlandyrma, “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet öýjükli telefonlary, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölegleri, karzlary gaýtarmak hem-de olaryň göterimlerini tölemek, bank kartyny saklaýjylara kart hasabyndaky serişdeleriniň hereketine gözegçiligi alyp barmak üçin ýörite “SMS habar beriş” hyzmaty hödürlenýär. 

Bank ulgamynda “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” netijeli durmuşa geçirilýär. 

2022