Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenjiň pagta egriji kärhanasynda ýylyň başyndan bäri öndürilen dürli görnüşli nah ýüplükler pul hasabynda aňladylanda 22 million 315 müň manatlyga barabar boldy.
Bu ýerde ilkinji ýedi aýda mata önümçiligine zerur bolan ýüplügiň 2580,5 tonnadan gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,4 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Dokma senagatynyň kuwwatly düzüm bölekleriniň häzirki zaman nusgalarynyň biri bolan bu fabrikde pagta süýümini gaýtadan işlemek hem-de ondan dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanylýan ýüplügi öndürmek bilen bagly işleriň depgini yzygiderli ýokarlanýar.
Fabrige dünýäniň bu ugurda uly meşhurlyk gazanan firmalarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Kärhanada öndürilýän önümleriň hilini hemişe gözegçilikde saklaýan innowasion barlaghana hereket edýär. Ölçeg enjamlarynyň beýleki görnüşleri arkaly pagta süýüminiň uzynlygy, reňki, hapalygy we çyglylygy ölçenilýär. Fabrikde öndürilýän ýüplükleriň uly tapgyry dünýäniň birnäçe döwletlerine ugradylýar.