Aşgabatda "Türkmengurluşyk – 2019" halkara sergisi açyldy

BT
Aşgabatda "Türkmengurluşyk – 2019" halkara sergisi açyldy
Sergä Türkmenistanda gurluşyk pudagynda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda "Türkmengurluşyk – 2019" atly halkara sergisi işine başlady. Türkmenistanyň gurluşyk pudagyna bagyşlanyp geçirilen sergä ýerli gurluşyk kompaniýalary bilen bir hatarda Türkmenistanda gurluşyk pudagynda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary hem gatnaşýar.

Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agzasy bolan kärhanalar dürli boýaglardyr izogamlar ýaly gurluşyk harytlaryny hödürleýärler. Oba hojalyk bilen meşgullanýan ýerli kompaniýalar ýyladyşhana maketlerini görkezýärler.

“Aşgabat-siti” taslamasynyň makedi hem ýerleşdirilen sergide Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi we Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty aýratyn pawilionda sergä gatnaşyjylary öz işleri bilen tanyşdyrýar.

Ahal welaýatynyň 2021-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýan täze dolandyryş merkeziniň taslamasynyň makedi sergä gelenleriň ünsüni çekýär.

Akylly öý, emeli hakykat ýaly tehnologiýanyň soňky gazananlary utgaşdyrylan stendler aýratyn üns çekýär.

Sergi 31-nji awgusta çenli dowam eder.

2022