Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygy açylýar

Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygy açylýar
Dubaýyň dünýäniň iri maliýe, işewürlik we ulag merkezleriniň biridigi nazara alyndy.

Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsullygy açylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky Karara anna güni gol çekdi.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bu Karara gol çekilendigi resminamada ýazylýar.

Dubaýyň dünýäniň iri maliýe, işewürlik we ulag merkezleriniň biridigini nazara alyp, şeýle hem halkara kadalaryna laýyklykda konsullyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutup, bu şäherde Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak boýunça taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022