“Galkynyş” TOPH gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün eder

“Galkynyş” TOPH gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün eder
Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän iri gaz ýatagy “Galkynyş” dünýäde ululygy boýunça ikinji orny eýeleýär.

“Galkynyş” gaz käni ilkinji tapgyrda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-njy awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilişi, bu ýerde täze ulanyş we gözleg guýularynyň burawlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerinden netijeli we rejeli peýdalanmagyň ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasynyň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. Bu iri gaz käni ilkinji tapgyrda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz pudaga daşary ýurt maýadarlaryny çekmek hem-de nebitgaz ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan esasy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän iri gaz ýatagy “Galkynyş” dünýäde ululygy boýunça ikinji orny eýeleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022