“Nurly meýdan” 15 görnüşli bägüli terligi bilen ilata ýetirýär

“Nurly meýdan” 15 görnüşli bägüli terligi bilen ilata ýetirýär
Bägüller hojalyga degişli ýörite niýetlenen 3 gektar ýyladyşhanada ösdürilýär.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän “Nurly meýdan” daýhan hojalygynda 15-den gowrak görnüşli bägül ýetişdirýär. Bägüller hojalyga degişli ýörite niýetlenen 3 gektar ýyladyşhanada ösdürilýär.

Ýyladyşhananyň içki howa şertleri awtomatik usulda işledilýär. Bu hem howanyň belli bir derejede salkynlygyny saklamaga ýardam edýär. Oturdylan dürli görnüşli bägül şitilleri özüniň terligini saklap, bägülleriň hemişe ýokary derejede saklanmagyna getirýär. Daýhan hojalygynyň gülçüleri bägüllere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ideg edip, bägülleriň terligi bilen ilata ýetirilmegini gazanýarlar diýip, “Bereketli toprak” gazeti ýazýar.

Häzirki wagtda daýhan hojalygynda taýýarlanýan bägüller diňe bir welaýatyň çäklerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň paýtagtynda we beýleki welaýatlarynda geçirilýän toý dabaralaryny bezäp, ilatyň iň hyrydarly güllerine öwrüldiler. Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde gül dükanlary açyldy. 

“Nurly meýdanyň” işgärleri özlerine degişli jemi 130 gektar meýdanda mundan başga-da, bugdaý, şugundyr, gök-bakja, pagta ekinlerini ösdürip ýetişdirýär.

Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu daýhan hojalygy inkubatordan jüýje çykarmak bilen hem meşgullanýar. Bu inkubatoryň ýyllyk kuwwaty 14 million jüýje çykarmaga, şeýle hem 20 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen.

2019-njy ýylyň başyna “SGS” (Şweýsariýa) halkara sertifikasion edarasynyň geçiren auditlarynyň netijesi boýunça “Nurly meýdan” DH-niň azyk önümleriniň howpsuzlyk we hil dolandyryş ulgamy boýunça iki sany halkara standartlara: ISO 22000 we ISO 9001 laýyk diýip ykrar edildi.

2022