Türkmenistanyň gümrük işgärleri Çolpon Atada sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň gümrük işgärleri Çolpon Atada sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy
Maslahaty Bütindünýa Gümrük Guramasynyň bilermenleri alyp bardylar.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon Ata şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan guralan sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.

27-29-njy awgustda “Intellektual eýeçilige bolan hukuklary üpjün etmek” atly sebitleýin okuw maslahatyna Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli gulluklary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan hem wekiller gatnaşdy diýip, pudagyň resmi saýtynda habar berilýär.

Okuw maslahatynyň maksady - intellektual eýeçiligiň obýektlerini goragy babatda soraglary ara alyp maslahatlaşmakdan, bu ugurda özara tejribe alyşmakdan, şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmekden ybarat.

Maslahaty Bütindünýa Gümrük Guramasynyň bilermenleri alyp bardylar. Olar intellektual eýeçiliginiň dürli ugurlary, täze kontrafakt önümleri, önümleriň seljermesi, bu ugurda dünýäde bolup geçýän häzirki meýiller barada çykyş etdiler.

Şeýle hem, maslahatda oňa gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleri intellektual eýeçiligiň goragy babatda milli ulgamlary hem-de olaryň gazananlary barada çykyş etdiler.