Türkmenistanda söwda edaralaryna täze ýolbaşçylar bellendi

BT
Türkmenistanda söwda edaralaryna täze ýolbaşçylar bellendi
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde söwda, önümçilik, üpjünçilik, hyzmat ediş kärhanalarynyň 200-den gowragyny jemleýär.

Gurbannazarow Orazmyrat Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellendi.

Işanow Amandurdy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy.

Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni gol çekdi.

Dürli ýolbaşçy wezipelerinde işlän Gurbannazarow, 2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy bolup işledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Rejepow Döwletgeldini şol edaranyň başlygy wezipesine bellemek hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi döwlet dolandyryş edarasy bolup, onuň esasy wezipesi ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmekden, ilata edilýän söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň guralyşyny kamilleşdirmekden, halk hojalygyny maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmekden, halkara ylalaşyklara laýyklykda, daşary ýurt bazarlarynda Türkmenistanyň döwlet bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça iş alyp barmakdan ybarat.

Ministrligiň düzüminde söwda, önümçilik, üpjünçilik, hyzmat ediş kärhanalarynyň 200-den gowragyny jemleýär.

2022