Lebapda sementiň täze görnüşi synag üçin öndürilip başlandy

Lebapda sementiň täze görnüşi synag üçin öndürilip başlandy
Lebabyň sement zawody

Lebabyň sement zawody М-400-D-20 we М-500-D-20 görnüşli sementi synag etmek maksatly öndürip başlady. Bu gurluşyk serişdesi öndürijiler we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Himiýa institutynyň organiki çig malyň himiýasy we tehnologiýasy barlaghanasynyň işgärleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Bu düzüminde ýerli çig maldan ýasalan üwelen bazalt tozunyň goşundysy bolan görnüşi üýtgedilen sement berkidijisidir. Serişde betonyň mehaniki-fiziki häsiýetlerine oňyn täsir edýär – onuň berkligini, dykyzlygyny, sowuga çydamlylygyny ýokarlandyrýar, şeýle hem özüne düşýän gymmatyny arzanladýar. Ondan başga-da, beton garyndysynda mineral çig malynyň ulanylmagy daşky gurşawa ýetýän ýaramaz täsirini peseldýär.

Ýakyn wagtda ýurdumyzyň ugurdaş zawodlarynyň ählisi sementiň täze görnüşlerini öndürip başlar. Täze önüm dürli fiziki-mehaniki we himiki-mineral häsiýetli erginleri we betonlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Öz tehnologik enjamlaşdyrylyşy we öndürýän önüminiň hili boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän kärhanalar buýrujylaryň isleglerine laýyklykda sementiň beýleki görnüşlerini hem öndürip bilýär.

Häzirki wagtda sementiň islegden has peýdalanýan, gidrotehniki desgalarda ulanylýan М-400, М-500 we М-400 (sulfata durnukly) görnüşleri öndürilýär. Ondan başga-da, Keletedäki zawodda nebit-gaz pudagynda ulanylýan tamponaž portlandsementi PST-1-100 öndürilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary “Türkmensenagat” agentliginiň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Tuarkyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdelerini ulanmak mümkinçiligini öwrendiler we Çagyl käninde düzüminde demir saklaýjy çig malyň gazylyp alynmagyny guramaga ýardam etdiler.

Ýerli çig mal bolan demir oksidi daşary ýurtlardan getirilýän demir oksidiň ornuny doly tutdy. Demir magdanyň ýurdumyza getirilmändigi sebäpli ýylda birnäçe million ABŞ dollary tygşytlandy. Gurluşyk senagatynda bu ugrunyň önümleri daşary ýurt bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýar. Şu ýyl Lebap kärhanasyndan Özbegistana we Owganystana 160 müň tonna golaý ýokary hilli sement ugradyldy.

2022