Iş we işgär gözleýänleriň resmi internet portaly açyldy

BT
Iş we işgär gözleýänleriň resmi internet portaly açyldy
Iş bilen üpjünçilik portaly iş gözleýänler bilen bir hatarda iş berijilere hem gerekli hünärmeni tapmaga kömek edýär.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň iş bilen üpjünçilik portaly işläp başlady. Işgär gözleýänler we iş gözleýänleri bir ýere jemleýän bu portal sebitler, hünärler we iş ugurlary boýunça boş iş orunlaryny gözlemäge mümkinçilik berýär.

Portalyň baş sahypasynda berilýän maglumata görä, iş gözleýän raýatlar ilki bilen elektron poçta arkaly hasaba durmaly. Dalaşgäriň özüne laýyk gelýän iş ornuny tapyp, iş beriji bilen habarlaşmalydygy aýdylar.

Iş bilen üpjünçilik portaly iş gözleýänler bilen bir hatarda iş berijilere hem gerekli hünärmeni tapmaga kömek edýär. Portal iş berijilere boş iş orunlary baradaky maglumatlary hödürlemek we olary saýtda ýerleşdirmäge, döwlet möçberinde we aýry-aýry sebitler boýunça işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň maglumatyny almaga, portaly ulanyjylaryň “şahsy otagyndaky” raýatlaryň özbaşdak rezýumesini görmäge we iş gözleýän bilen habarlaşmaga mümkinçilik döreder.

Iş berijiniň bu portalda boş iş orunlaryny ýerleşdirmek üçin hasaba alyş resminamalaryny – statistika registrinden göçürme, iş berijiniň adyndan çykyş etmek hukugyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy, portal bilen aragatnaşyk saklamak üçin hasaba alnan elektron bukjany (e-mail) beýan edýän iş berijiniň haty – iş bilen üpjünçilik gulluklarynda tassyklatmalydygy maglumat bölüminde aýdylýar.

Portal 23 iş ugry bilen 100-e golaý hünär toparlarynda boş iş orunlaryny we iş gözleýänleri tapmaga mümkinçilik berýär.

2022