Türkmen telpegi – trend bolan milli medeniýet

BT
Türkmen telpegi – trend bolan milli medeniýet
Türkmen ýaşlary tarapyndan toýdur dabaralarda giňden ulanylýar.

Türkmen milli egin-eşik medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan telpekler birnäçe asyr bäri meşhurlygyny ýitirmän dowam edýär. Diňe ýurduň içinde däl, eýsem onuň daşynda hem milli medeniýetiň bir bölegi hökmünde gyzyklanma bildirilýän türkmen telpekleri häzirki zaman türkmen ýaşlary tarapyndan toýdur dabaralarda giňden ulanylýar.

Telpek jokrama yssydan, ýagyşdan-gardan, ýelden goraýar. Bu tebigy hadysalar oňa hiç hili täsir etmeýär. Telpek adamyň özüni iň amatly duýýan temperaturasynda saklaýar. El güýjüni talap edýän telpekleri tikýän häzirki zaman deri eýleýji ussalar ata-babalarymyzyň kesbini üstünlikli dowam edýärler. Türkmenistanyň dürli künjeginde ýörite telpek tikmek bilen meşgullanýan maşgalalar bar. Telpek tikmek işi hysyrdyly bolany üçin prosesiň dowamynda maşgalanyň iň kiçisinden iň ulusyna çenli ýeterlik iş tapylýar.

Telpegiň hili ilki bilen goýnuň sagatlygyna şikessiz bolmagyna bagly bolup durýar. Sebäbi gurat hem-de teni şikessiz malyň hamyny eýlemek hem aňsat bolýar. Telpegiň tikiliş prosesinde deri eýlemek işi ilkinji derejeli möhüm wezipe hasaplanýar. Ilki deri giň ýazylyp, bol duz sepilýär. Soňra dörtgyraň şekilde eplenip, iç-içine dolanýar. Birnäçe günläp şeýle ýagdaýda saklanýan deriniň sütükleri, buýralary we seçekleri berkeýär. Telpekçi ussalar hamyň gatyny açyp, ony suwda ýuwýarlar hem-de guraýança kölegede serip goýýarlar. Deri guranyndan soňra ýumşadylyp, bir-iki hepdeläp turşan gatyga ýa-da süýde ýatyryp goýýarlar. Goýun derisiniň doly eýlenendigine göz ýetiren telpekçi ussalar ony soňky gezek ýuwýarlar we ýylmanak daş bilen gazamaga başlaýarlar. Bu prosesiň netijesinde deri telpek tikilmäge doly taýýar bolýar.

Telpekçi ussalar derini tikmek üçin bir jübüt ýüňdarak, temen, iki tigir dolusy ak we gara sapak hem-de oýmak ulanýarlar. Gerekli ülňüler alnanyndan soňra tikinçilik işine girişilýär.

Telpekleriň görnüşleri we reňkleri ony geýýän adamlaryň ýaşyna, jemgyýetdäki eýeleýän ornuna we belli taryhy döwre görä kesgitlenýär. Çagalaryň telpegi guzularyň agymtyl-çalymtyl baganasyndan tikilse, ýetginjekler we ýaş ýigitler tokly derisinden tikilen açyk reňkli telpekleri halaýarlar. Orta ýaşan adamlar çal hem-de goňrumtyl reňkli, sütügi o diýen ösgün bolmadyk gaba telpekleri, ak sakgally gojalar garamtyl-goňur ýa-da şar gara, tüýüniň buýralary seçelenip duran telpekleri geýýärler.

Alymlar bagana telpegiň Orhan - Ýeniseý daş ýazgylarynda şekillendirilen çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygyny ýüze çykardylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022