Türkmenabadyň himiýa kärhanasy 50 million manada golaý önüm öndürdi

BT
Türkmenabadyň himiýa kärhanasy 50 million manada golaý önüm öndürdi
Kärhanada ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende, 146.1 göterime barabar boldy.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda üstümizdäki ýylyň birinji ýedi aýynda 49 million 184 müň manatlyk önüm öndürildi, bu baradaky meýilnama 104.6 göterim berjaý edildi. Kärhanada ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende, 146.1 göterime barabar boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň bu baýry kärhanasynyň öndürýän önümleriniň görnüşi otuza ýetip barýar. Dürli görnüşli aýakgaplary ýaglamak we reňklemek üçin ulanylýan köwüş ýaglary kärhananyň täze önümçilik ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýedi aýyň dowamynda onuň üç tonnadan gowragy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ugradyldy.

Ýylyň birinji ýedi aýynda S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda fosforly dökünleriň 151 müň 260 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu dökün öndürilende emele gelýän galyndylary hem täzeden işläp, täze dökünleri öndürmek işi-de ugrukdyryldy. Bu döwürde kärhana oba hojalyk ekinleriniň ösüşini sazlaýjy we hasyllylygyny artdyrýan “Oksigumat” diýilýän serişdäniň 530 tonnasyny öndürdi.

Kärhananyň fosforly dökünlerden soňra esasy önümçilik ugry bolan kükürt kislotasynyň geçen ýedi aýyň dowamynda 51 müň 100 tonnasy öndürildi.