Naip meýdançasynda 237 million kubmetrden gowrak gaz çykaryldy

BT
Naip meýdançasynda 237 million kubmetrden gowrak gaz çykaryldy
Diňe awgust aýynda bu meýdançada tebigy gazyň 1,4 million kub metrine golaýy meýilnamadan artyk öndürildi.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň Naip önümçilik meýdançasynda ýylyň 8 aýynda 237,4 million kub metr gaz çykaryldy.

Görkeziji üstümizdäki ýylyň ilkinji sekiz aýy boýunça bu ýerde “mawy ýangyjyň” we gaz kondensatynyň öndüriliş möçberi ep-esli ýokarlanandygyny aňladýar.

Hususan-da, gaz kondensatynyň öndürilişi 2317 tonna ýetdi. Netijede, gymmatly çig malyň meýilnamadan artyk öndürilen möçberi 440 tonna barabar boldy.

Meýdançada 290-a golaý işgär zähmet çekýär. Şu üstünlikler gaz bilen üpjün etmek işiniň gözbaşynda duran ökde gazçylaryň zähmetiniň netijesidir. Diňe awgust aýynda bu meýdançada tebigy gazyň 1,4 million kub metrine we gaz kondensatynyň 57 tonnasyna golaýy meýilnamadan artyk öndürildi.