Saryja goýunlaryň etini artdyrmak boýunça synag geçirildi

BT
Saryja goýunlaryň etini artdyrmak boýunça synag geçirildi
Synagyň netijesinde 30-35 kilogram bolan goýunlaryň diri agramy 55 kilograma çenli ýokarlandy.

Saryja tohumly goýunlaryň etini artdyrmak boýunça synag geçirildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw-tejribe hojalygynda geçirilen synagyň netijesinde 30-35 kilogram bolan goýunlaryň diri agramy 55 kilograma çenli ýokarlandy.

Ylmy-barlag işiniň tejribesini geçirmek üçin hojalykda süriniň hereketinden aýrylan, hasapdan çykarylan 5 ýaşly goýunlardan synag topary döredildi. Barlag topary üçin hem goýnuň 15-si ýaşy, diri agramy boýunça birmeňzeş düzgüni esasynda saýlanyp alyndy.

Barlag topary umumy sürüdäki galan goýunlar bilen bilelikde öri meýdan şertlerinde bakyldy. Synag toparyndaky goýunlar bolsa, özbaşyna aýratyn bakylyp, öri meýdan-ýatak şertlerinde saklanyldy. Her aýda bir gezek synag we adaty toparyň mallarynyň diri agramy çekildi.

Synag topardaky goýunlar ertirine we agşamyna arpa dänesi, iým we ýorunja bedesi bilen goşmaça iýmitlendirildi. Her baş mala ýokumly witaminler bilen baýlaşdyrylan iýmler berildi we soňky aýlarda berilýän iýmiň möçberi artdyryldy.

Synag toparyndaky goýunlar et-ýag önüm berijiliginiň ýokarylygy bilen adaty topardaky goýunlardan tapawutlandy. Olaryň soýulmazyndan öňki diri agramy 55,0 kilograma deň boldy. Et önümliliginiň mukdar taýdan görkezijileri, esasan-da, goýunlaryň iýmitlendirilişiniň we saklanylyşynyň şertlerine bagly bolup durýar.

Et önümliligini artdyrmagyň esasy şerti goýunlary goşmaça iýmitlendirmek, olary çalt depginler bilen ösdürip ýetişdirmek arkaly gazanmak mümkin. Dowardarçylyk hojalyklarynda süriniň hereketinden aýrylan, hasapdan çykarylan goýunlaryň 20-25 göterimi gartaşmagy zerarlydyr. Ol goýunlary baka goýup semretmek, girdeji almagyň amatly usullary hasaplanylýar. Munuň üçin hojalykda bolan ot-iýmleri utgaşdyryp ulanmak hem-de goşmaça iýmitlendirmek arkaly goýun etiniň mukdaryny ýokarlandyrmak bolar.

Häzirki zamanyň dünýä dowardarçylygynda dowar ýüňüne görä, goýun etiniň ykdysady taýdan paýynyň ep-esli artmagy häsiýetli aýratynlyk bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda goýun etinden 90%-den gowrak, ýüňünden bolsa bary-ýogy 10 %-e golaý girdeji alynýar.