“Nurkerem” emeli suwaryş howdanlarynyň 20 sanysyny gurdy

BT
“Nurkerem” emeli suwaryş howdanlarynyň 20 sanysyny gurdy
“Nurkerem” jemi 500 müň kubmetr suw saklaýan döwrebap howuz gurdy.

Türkmenistanyň suw ulanyş ulgamynda iş alyp barýan ýeketäk hususy kärhana hasaplanýan “Nurkerem” tarapyndan häzirki wagta çenli 20-ä ýakyn emeli suwaryş howdany guruldy.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalygy boýunça önümçilik edýän agzalarynyň buýurmagy esasynda “Nurkerem” jemi 500 müň kubmetr suw saklaýan döwrebap howuz gurdy.

Buýrujylaryň ýerine ýetirýän oba hojalyk işleriniň möçberine görä, göwrümi 5 müňden 300 müň kubmetre çenli bolan suwaryş köljagazlary kärhana tarapyndan ulanmaga berildi. Bu howdanlar gurlanda suwy tygşytlaýjy tehnologiýalardan peýdalanylýar. Howdanyň diwarlary üçin ýörite geomembrana serişdeleri ulanylýar.

Ýagyş suwlaryndan, guýulardan, suwaryş sistemasyndan doldurylyp bilinjek bu howdanlara on bäş ýyl kepillik berilýär.