Nýu-Ýorkda Hazar biznes forumy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nýu-Ýorkda Hazar biznes forumy geçirildi
Foruma Hazarýaka döwletleriniň hususy we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda abraýly halkara kompaniýalary hem gatnaşdy.

Sişenbe güni ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ikinji Hazar biznes forumy geçirildi.

Hazar sebiti boýunça syýasat merkeziniň (CPC) guramaçylygynda Garward klubda geçirilen çärede Hazar sebitinde biznes, söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýlip CPC-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Foruma Hazarýaka döwletleriniň hususy we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda abraýly halkara kompaniýalary hem gatnaşdy.

Çäraniň açylyş dabarasynda çykyş eden merkeziň direktory Efgan Nifti ABŞ-nyň we Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda täze ykdysady gatnaşyklary açmak üçin bu ýurtlaryň daşary işler edaralarynyň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň we hökümet wekilleriniň arasynda gepleşikleri geçirmekde forumyň ähmiýeti barada nygtady. Nifti foruma 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşýandygyny çykyşynda belledi.

Foruma gatnaşýan ABŞ-nyň Ýewropa we Ýewraziýa gatnaşyklary boýunça hökümet sekretarynyň orunbasary Jorj Kent öz çykyşynda forumyň Hazar sebitine täsirine ünsi çekdi.

ABŞ hökümetiniň Hazar sebitiniň howpsuzlygyny, demokratik ýagdaýyny, ösüşini we sebitiň daşary güýçlerden täzirsiz hereket etmegini üpjün etmekde özara gatnaşyklaryň ähmiýetlidigine ynanýandygyny aýdan Kent Transhazar gaz geçirijisiniň sebitiň ýurtlaryny gyzyklandyrýan wajyp meseledigini belläp geçdi.

Merkezi edarasy Waşingtonda ýerleşýän CPC Hazar sebiti boyunça seljerme işlerini alyp barýan gurama bolup, Hazar biznes forumynyň ilkinjisini geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirdi. 

2022