Nebite bolan talap 2040-nji ýyla çenli gündelik 112 million barrele barabar bolar diýip, Nebit Eksport edýän Ýurtlaryň Bileleşiginiň (OPEC) baş sekretary Mohammed Barkindo çak edýär diýip, “Interfaks” beýan edýär.
"Bellenen ýyla çenli nebit we gaz iň uly energetika bölegi bolup galar” diýip, çarşenbe güni Gazagystanyň paýtagtynda geçen “Kazenergy” energiýa forumynda OPEC-niň ýolbaşçysy belledi.
Şonuň bilen bilelikde çig-malyň esasy üpjünçiligi “ösüp barýan, ilaty çalt depginde köpelýän we ykdysady taýdan ösýän ýurtlara bolar” diýip, Barkindo aýtdy.
Şeýle hem Barkindo 5-nji noýabrda OPEC nebit-gaz ulgamynyň uzakmöhletleýin dünýä seljermesini çap etjekdigini mälim etdi.
OPEC sentýabr aýyndaky hasabatynda 2019-njy ýylda gündelik nebit ulanylyşynyň 99.84 million barrele çenli (geçen ýyldaky möçberden 1.02 million barrel köp) ýokarlanjakdygyny mälim edipdi.
Şeýle hem forumda Saud Arabystanyň, nebit ýataklaryna edilen hüjümlere garamazdan, OPEC-e öz gazyp alýan nebitiniň möçberiniň öňküligine saklanjakdygyny aýtdy diýip, OPEC-niň baş sekretary habar berdi.
“Ol (Saud Arabystanyň Patyşasy – IF) Saud Arabystan 12-nji sentýabrdaky BAE-däki ylalaşyga laýyklykda önümçiligiň derejesini saklajakdygyna söz berdi” diýip, Barkindo forumda belledi.
“Dünýäniň islendik ýerindäki howpsuz nebit we gaz üpjünçiliginiň bozulmagy OPEC-niň senagaty we ykdysadyýeti üçin täsirini ýetirýär” diýip, Barkindo belledi.
Nebit Eksport edýän Ýurtlaryň Bileleşigi (OPEC) halkara we hökümetara bileleşik bolup, nebit gazyp alýan ýurtlar tarapyndan nebit almak kwotalaryna gözegçilik etmek maksady bilen döredildi. OPEK-niň düzümine 14 sany ýurt - Alžir, Angola, Wenezuela, Gabon, Eýran, Kongo, Kuweýt, Katar (2019-nji ýylyň ýanwar aýynda düzümden çykdy), Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Nigeriýa, Saud Arabystany, Ekwatorial Gwineýa we Ekwador girýär. Guramanyň ştab kwartirasy Wenada ýerleşýär.