“Arassa başlangyç” ýyllyk 10 million ýumurtga önümçiligini ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Arassa başlangyç” ýyllyk 10 million ýumurtga önümçiligini ýola goýýar
“Arassa başlangyç” täze guşçulyk toplumynda ýylda 10 million ýumurtga öndürip, alyjylara ýetirer.

“Arassa başlangyç” hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynyň S.A.Niýazow adyndaky etrabynyň “Altyn ýol” geňeşliginde guşçulyk toplumyny gurýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhana 6,5 gektar ýerde bu taslamany durmuşa geçirýär. Döwletden 99 ýyllyk kärendesine alnan ýerde amala aşyryljak gurluşygyň desgalar toplumyna edara binasy, barlaghana, weterinariýa bölümi, iki guş saklanýan bölüm, ýumurtgany saýlamak bölümleri we beýleki binalar degişli bolar.

“Arassa başlangyç” täze guşçulyk toplumynda ýylda 10 million ýumurtga öndürip, alyjylara ýetirer.

Döwrebap ýörite tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýan kärhananyň önümleriniň halkara sanitariýa we ekologiýa kadalaryna gabat gelmegi içerki bazar bilen bir hatarda, daşarky bazarlara hem eksport etmek mümkinçiligini döreder.

2022