“Nurly Meýdan” bägülleriniň sanyny milliona ýetirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nurly Meýdan” bägülleriniň sanyny milliona ýetirer
Daýhan hojalygy şu ýylyň dowamynda 600 müň bägül ösdürdi.

“Nurly Meýdan” daýhan hojalygy alyjylar üçin ýyllyk bir million sany ýerli golland bägülini ýetişdirmegi maksat edinýär.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän bu daýhan hojalygy şu ýylyň dowamynda 600 müň bägül ösdürdi.

“Nurly meýdan” daýhan hojalygynda gyzyl we ak bägülleriň 15-den gowrak görnüşi bolup, olar 3 gektar ýyladyşhanada ýetişdirilýär.

Häzirki wagtda kärhana degişli 11 müň inedördül metrden ybarat boljak ýene bir ýyladyşhananyň gurluşygy dowam edýär. Täze bägül meýdanynda gülleriň ösdürilmegi we idedilmegi üçin ähli şertler dörediler. Bu ýerden alynjak önümiň ilkinjisi öňümizdäki ýylyň maý aýynda gül bazarlaryna iberiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022