Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanda

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanda
Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, Pariž.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) çarşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýewraziýa bölüminiň ýolbaşçysy Wilýam Tomsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet kabul edildi.

Türkmenistana ilkinji gezek gelen YHÖG-niň wekilleri TSTB-niň düzümi we işiniň esasy ykdysady görkezijileri, dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirmekde edaranyň agzalarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy.

TSTB-niň beýan etmegine görä, myhmanlar häzirki wagtda dünýäniň 36 döwletini birleşdirýän YHÖG-niň işi hakynda gürrüň berdiler, şeýle hem ýurdumyzda bolmagyň çäklerinde ýerine ýetirmegi meýilnamalaşdyran işleri barada aýtdylar. Hususan-da, içerki bazara we hususy işewürligiň ondaky ornuna gyzyklanma bildirdiler.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy (Organisation for Economic Co-operation and Development, OECD) ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň halkara guramasydyr.

Guramanyň esasy wezipesi dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine, agza ýurtlaryň ykdysady ösüşine we ähliumymy ykdysady ösüşe olaryň goşýan goşandyny artdyrmaga, şeýle-de Gurama agzasy bolmadyk beýleki ýurtlaryň ösüşine goldaw bermekden ybaratdyr.

2022