Türkmenistanda Konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi
25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk maslahatynda iki palataly ulgama geçmek teklip edilipdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglylykda, teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, Konstitusion toparyň birinji mejlisiniň başlanýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň esasy maksady Konstitusion toparyň iş meýilnamasyny tassyklamakdan, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toparyň işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Maslahatda çykyş eden Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa iki palataly Parlament ulgamyna geçmek hem-de bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek baradaky başlangyjyň syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamlarynyň öňünde täze jogapkärli wezipeleri goýýar diýip belledi.

Toparyň esasy wezipesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalaryna girizmek üçin üýtgetmeleri we goşmaçalary taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu babatda Topar Mejlisiň iki palatadan ybaratdygyny, olaryň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny, ygtyýarlyklarynyň möhletlerini, olary döretmegiň we wekilçiligini üpjün etmegiň tertibini anyk kesgitlemelidir diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Konstitusion toparyň Başlygynyň orunbasary edip bellendi.

25-nji sentýabrda ikinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynda iki palataly ulgama geçmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak teklip edilipdi.