“Agaýana” DSP-ni eksport etmegi nazarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Agaýana” DSP-ni eksport etmegi nazarlaýar
Esasy çig malynyň 70 göterimi gowaça çöpüdir guran agaçlaryň galyndylaryndan ybarat bolan önümlerde ýelim giňden ulanylýar.

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda ýerleşýän “Agaýana” hususy kärhanasy üç gektar ýerde ýerli DSP öndürýän kärhana gurdy.

Esasy çig malynyň 70 göterimi gowaça çöpüdir guran agaçlaryň galyndylaryndan ybarat bolan önümlerde ýelim giňden ulanylýar.

“Kärhanamyzda DSP we laminirlenen DSP öndürýäris. Bu önümleriň ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan işlemekde oňaýly we ýeňil bolmagyny gazanýarys” diýip belleýän “Agaýana”-nyň ýolbaşçysy Çarymyrat Berdiýew geljekde kärhananyň örüsini has-da giňeldip, daşarky bazarlara çykmagy maksat edinýändigi nygtady.

Kärhanada bir ýylyň dowamynda 20 müň kub metr önüm öndürmäge mümkinçilik bar. DSP-leriň ölçegi 1,83 – 2,75 metr bolup, galyňlygy 8 millimetrden 24 millimetre çenlidir. Häzirki wagtda bu ýerde 50-ä golaý adam zähmet çekýär.

DSP-ler esasan, üçekleri we diwarlary örtmekde ulanylýar. Mundan başga-da, mebelleriň dürli görnüşlerini öndürmekde, tekje we gapy ýasamakda, germewleriň gurluşygynda, jaýlary bezemekde ulanylmaga niýetlenen.

2022