Özbegistan we Türkmenistan döwlet serhedi boýunça gepleşikler geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan we Türkmenistan döwlet serhedi boýunça gepleşikler geçirildi
Gepleşikleriň netijeleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary tarapyndan degişli Teswirnama gol çekildi. Surat: Xabar.uz.

Şu ýylyň 30-njy sentýabry – 6-njy oktýabry aralygynda Nukus şäherinde Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky döwlet serhedini bellemek meseleleri boýunça Bilelikdäki özbek-türkmen hökümetara komissiýasynyň iş toparlarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda taraplar umumy serhedi bellemegä degişli kadalaşdyryjy-hukuk we tehniki resminamalary barlap, Bilelikdäki özbek-türkmen hökümetara toparynyň tassyklamagyna hödürlemekde ylalaşdylar.

Duşuşykda, şeýle hem bilelikdäki araçäkde uçulýan enjamdan ýeriň suratyny alyş işlerini geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary – Özbegistanyň Ýer serişdeleri,  geodeziýa, kartografiýa we döwlet kadastry baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Tulkin Abdullaýew we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 5-nji kärhanasynyň başlygy Mämmet Mämmedow tarapyndan degişli Teswirnama gol çekildi.

Duşuşyk däp bolan hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçirildi.

2022