Aşgabadyň “Oguzkent” myhmanhanasynda anna güni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär.
Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky duşuşyklar iki görnüşde geçiriler.
Dar göwrümli geçirilen duşuşykda GDA-nyň 2020-nji ýyldaky başlyklygy we döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň indiki mejlisi bilen bagly meselelere garalýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň açylyş çykyşyndan soňra sözi GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Lebedewe geçirdi.
Lebedew duşuşygyň gün tertibi barada maglumat berdi. Türkmen Lideri 31-nji dekabrda Lebedewiň wezipesiniň dolýandygyny aýdyp, çäräniň dowamynda bu meselä garalmagyny hem teklip etdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibini tassyklanyndan soňra nusgawy yzygiderlikde döwlet Baştutanlaryna söz berdi.
Häzirki wagtda "Oguzkent" myhmanhanasynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy dowam edýär.