Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sekiz resminama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sekiz resminama gol çekildi
Lebedew mejlise gatnaşyjy wekiliýetleriň Türkmenistanyň GDA-nyň başlyklygyny üstünlikli ýerine ýetirendigini aýdandyklaryny belledi.

Aşgabatda geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sekiz resminama gol çekildi. 

Anna güni geçirilen mejlisden soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň gatnaşmagynda geçirilen metbugat ýygnagynda bu barada mälim edildi.

Resminamalar barada maglumat beren Lebedew mejlise gatnaşyjy wekiliýetleriň Türkmenistanyň GDA-nyň başlyklygyny üstünlikli ýerine ýetirendigini aýdandyklaryny belledi.

Döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly "GDA gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň halkara göwrümi giňeýär" diýip bellän Meredow mejlisiň dowamynda gol çekilen ikinji ähmiýetli resminamanyň 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen bagly döwlet Baştutanlarynyň GDA-nyň halkyna we dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenmesidigini nygtady. Şu ugurda baýramçylyk çärelerini geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäkli düzümdäki mejlisiň dowamynda öňe süren teklibine ünsi çeken Meredow bu wakanyň GDA halklarynyň umumy ýatlamasydygyny aýtdy. 

Bu iki resminamadan daşary Geňeşiň mejlisiniň dowamynda GDA 2020-nji ýylda başlyklyk etjek ýurt barada, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň indiki sany barada, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary baradaky ylalşyklara we özara hyzmatdaşlygy maksat edinýän birnäçe beýleki resminamalara gol çekildi.

2022