Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri tarapyndan hödürlenen birnäçe oýlap tapyşlara patent berdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty 6 ýylyň dowamynda “Türkmenhimiýa”, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Senagat we kommunikasiýa, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleri, beýleki pudak edaralary we hususy kärhanalar bilen hyzmatdaşlykda hojalyk-şertnamalaýyn esasda köp taraply barlaglary geçirýär.
Munuň netijesinde möhüm ylmy teklipleri girdeji çeşmesine öwürmekde tejribe toplandy. Şol tekliplerde esasan hem, ýerli çig maly ulanmak, innowasion çözgütlerden peýdalanmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri döretmek bilen bagly ykdysady taýdan netijeli tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga üns berildi.
Goşmaça alynýan önümden ýokary hilli ýangyç
Ýeketäk döwlet sanawyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda A-95 görnüşli benzin öndürilende pirobenzini ulanmagyň usuly girizilen. Bu usul zawodyň hünärmenleri we institutyň himiýa önümçiliginiň tehnologiýasy bölüminiň işgärleri tarapyndan bilelikde işlenip düzüldi. Şeýlelikde, Gyýanlydaky polimer zawodynda polietilen we polipropilen öndürilende alynýan goşmaça önüm ýokary hilli awtoulag ýangyjyna öwrülýär.
Önümçiligiň galyndylaryndan aýakgap ýagy
Türkmenabadyň himiýa zawodynda aýakgap üçin suw geçirmeýän ýagy öndürýän desga işe girizildi. Desganyň kuwwaty bir gije-gündizde 1000 kilograma önüm öndürmäge deňdir. Kärhananyň hünärmenleri we Himiýa institutynyň alymlary nebiti gaýtadan işleýän zawodyň galyndylaryndan we Hazardaky zawodda çykarylýan gurumdan täze önümi almagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler.
“Ekstra” türkmen duzy
Azyk senagatynyň iň ýokary standartlaryna gabat gelýän önüm bolan “Ekstra” görnüşli nahar duzuny almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi. Ýokary derejede arassalanan duz zyýansyzlandyrylan suwda çig maly ýuwmagyň ýörite tehnologik usullary arkaly öndürilýär. Bu usul duzly suwdan gaýry goşundylary aýyrmaga we esasy madda bolan natriý hloridiň (NaCl) 100 göterime golaý mukdaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Duzly suwuň ýokary derejede arassalanýandygy netijesinde nahar duzunda gaýry goşundylaryň möçberi olaryň çig maldaky möçberi bilen deňeşdirilende 50-70 esse azalýar.
Ammiagy siňdiriji mineral
“Maryazot” zawodynda ammiak alnanda metanyň konwersiýasy üçin ulanylýan suw bugy indi seolitiň kömegi bilen arassalanýar. Himiýa institutynyň alymlary mineralyň suw bugunda bar bolan ammiagy siňdirmek ukybyny ulanmagy teklip etdiler. Bu arassalanan bugy önümçilige gaýtarmaga, ýagny, energiýa ulanylyşyny azaltmaga, şeýle hem daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsiri iň az derejä çenli düşürmäge mümkinçilik berer.