“Bereketli” hojalyk jemgyýeti ýerli çig maldan, şol sanda guşuň etinden öndürilýän et önümleriniň we ýarym fabrikat önümleriň görnüşlerini artdyrdy. Kärhana towuk ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen “Nurly Meýdan” daýhan hojalygy bilen soýlan towuklary satyn almak boýunça şertnama baglaşdy.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan “Bereketli” HJ-niň önümçilik bölümlerine her gün 50 tonna golaý towuk getiriler. Şeýle möçberde towuk etini ibermek hakynda şertnama daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek ulgamynda üstünlikli işleýän ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň ikisiniň arasynda birinji gezek gol çekildi.
Soňky ýyllarda “Nurly Meýdan” önümçilik kuwwatlyklaryny ep-esli giňeltdi we döwrebaplaşdyrdy. Hususan hem, telekeçiler guşy ösdürmegiň we saklamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy bolan guş keteklerini, senagat inkubatoryny işe girizdi, garylan iým öndürýän zawodyň gurluşygyny bolsa, tamamlap gelýär. Paýtagtymyzyň söwda nokatlaryna her ýyl getirilýän guş etiniň üçden bir bölegi Bereketde öndürilýär.
Guşçulyk hojalygynyň hyzmatdaşy bolan “Bereketli” ýokary hilli çig maly we tebigy düzüm böleklerini ulanyp, şöhlat we et önümlerini hem-de ýarym fabrikat önümleri öndürmek ulgamynda 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri öňdebaryjy orunlary eýeleýär.
Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän “Bereketli” kärhanasynda şöhlat önümleriniň onlarça görnüşleriniň, etli ýarym fabrikat önümleriniň 20-den gowrak görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.