Türkmenistan we Hytaý energetika we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hytaý energetika we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Gepleşiklerde söwda-ykdysady, energetika, senagat desgalarynyň gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.

Çarşenbe güni wekiliýet Hytaýyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, senagat desgalarynyň gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, aragatnaşyk, ulag-logistika we ykdysadyýetiň beýleki möhüm ugurlaryndaky özarahereketleriň ösdürilmeginiň, kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berdiler.

Aşgabat bilen Pekin 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Şol ýyllarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 4,5 million dollaryna barabar bolan bolsa, ol 2018-nji ýylda 1800 esseden hem artyp, ABŞ-nyň 8,4 milliard dollaryna ýetdi.

2009-njy ýylyň dekabr aýynda açylan Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý transmilli gazgeçirijisi türkmen tebigy gazyny eksport etmek ugrunyň esasylarynyň biri bolup durýar.

2014-nji we 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynyň ýanynda Söwda wekilhanasy we Hytaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi wekilhanasy açyldy.

Häzirki wagtda Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýoly boýunça konteýnerli ýük daşalyp başlandy. Hytaýdan Pars aýlagyna çenli ýük daşalyşynyň möhleti 28 günden 14 güne çenli, ýol – 600 kilometrden gowrak azaldy.