“Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji oktýabrda gol çeken “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Türkmenistanyň Kanuny penşenbe güni “Türkmenistan” gazetinde çap edileninden soňra herekete girdi.
Munuň esasynda 2017-nji ýylda kabul edilen Kanuna erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) işiniň aýratynlyklaryny kesgitleýän madda goşuldy.
Täze maddada “Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhanany esaslandyrmaga ygtyýar berlip bilner” diýilýär. Şeýle ygtyýarlyk berlen ýagdaýynda şu aşakdaky hukuklar dörediljek kärhana berler:
- erkin ykdysady zolaklaryň infrastrukturasynyň ösdürilmegine ýerli we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hem-de beýleki serişdeleriň çekilmegi üçin zerur şertleri döretmek;
- erkin ykdysady zolaklaryň inžener, ulag we durmuş infrastrukturalarynyň döredilmegi boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň buýrujysy bolup çykyş etmek;
- erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy bilen şertnama baglaşmak;
- erkin ykdysady zolaklaryň aýratyn hukuk düzgüniniň berjaý edilmegi üçin gözegçiligi amala aşyrmak, oňa üýtgetmeleriň girizilmegi hakynda teklipler bilen ýüzlenmek;
- erkin ykdysady zolaklaryň infrastrukturasynyň gurluşygynyň, durkunyň täzelenmeginiň, abatlanylmagynyň hiline we onuň saklanylmagyna gözegçiligi amala aşyrmak;
- neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde kärendesine berilmedik ýer böleginiň we döwlet emläginiň bardygy hakynda maglumatlary döwlet we daşary ýurt dillerinde çap etmek;
- erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysynyň ýüz tutmasy boýunça daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň zähmet işiniň amala aşyrylmagynyň maksady bilen, şeýle hem olaryň awtoulag serişdeleriniň Türkmenistana gelmegine çakylyklary resmileşdirmek.
Iki ýyl bäri hereket edip gelýän Kanunyň 11-nji maddasynyň üçünji bölegine erkin ykdysady zolaklaryň serhetlerine çenli gaz, elektrik, suw, lagym, aragatnaşyk we ýol ulgamlaryny çekmegiň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we degişli pudaklaryň, şeýle hem çekilen serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýandygyny aňladýan sözlem goşuldy.
Täze üýtgetmelere görä, Türkmenistanyň erkin ykdysady zolaklar babatynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi görkezildi. Şeýle hem ygtyýarly edara erkin ykdysady zolagyň umumy dolandyrylmagyny amala aşyrmak hukugy berildi.
Erkin ykdysady zolak - bu çäklerinde erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary üçin aýratyn hukuk düzgüni ýola goýulýan, anyk kesgitlenen administratiw serhetleri bolan ýörite bölünip berlen çäkdir.